Garagum Hazynasy H.K.

2019-njy ýyldan bäri nebit-gaz, himiýa hem-de energetika pudaklarynda tehnologik enjamlar bilen üpjün etmek, olary abatlamak, gurmak we hyzmat etmek boýunça toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär. Kärhanamyz üç halkara ISO standartlarynyň talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylan bolup, bu biziň hil, howpsuzlyk hem-de ekologiýa durnuklylygy boýunça ygrarlylygymyzy tassyklaýar. Hünärmenlerimiziň 20 ýyldan gowrak tejribesine daýanyp, biz ýokary hilli hyzmatlary, innowasion çözgütleri we ygtybarly hyzmatdaşlygy üpjün edýäris.

Icon

Nebit-gaz ulgamy

Biz nebit-gaz pudagy üçin doly derejeli hyzmatlary hödürleýäris. Şolaryň hatarynda basyşy dolandyrmak arkaly buraw işleri (MPD), burawlamak we guýyny tamamlamak üçin niýetlenen himiki serişdeleriň üpjünçiligi, şeýle hem möhüm ähmiýetli enjamlaryň tehniki hyzmaty bar.Toparymyz E-Line we Slickline tehnologiýalarynyň kömegi bilen guýularyň ýagdaýyna gözegçilik edýär, fontan armaturalarynyň, turbageçirijileriň, rezervuarlaryň hem-de basyş astyndaky gaplaryň abatlaýyş we hyzmat işlerini ýerine ýetirýär. Biz enjamyň hyzmat möhletini uzaltmak üçin öňünden çaklama esasynda hyzmatlary hem-de zaýalamazlyk arkaly gözegçilik ýaly öňdebaryjy çözgütleri hödürläp, hyzmatdaşlarymyzyň ugurdaş uglewodorod çykaryş we gaýtadan işlemek işlerini netijeli alyp barmagyna ýardam berýäris.

Icon

Energetika ulgamy

Biz elektrik energiýasynyň paýlaýyş ulgamlarynyň taslamasyny düzmek, gurmak we işe girizmek boýunça giň gerimli hyzmatlary hödürleýäris. Bu hyzmatlara güýji paýlaýjy paneller, transformatorlar hem-de üznüksiz elektrik üpjünçilik ulgamlary girýär. Mundan başga-da, bar bolan elektrik ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, awtomatlaşdyrylan dolandyryş we gorag ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy, şeýle hem hemişelik we üýtgeýän tokly elektromotorlaryň hem-de generatorlaryň hyzmaty bilen meşgullanýarys. Howpsuzlygy we ygtybarlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen, biz infragyzyl termografiýa arkaly barlaglary geçirýäris, elektrik şkaflarynyň, ýangyna garşy signalizasiýa ulgamlarynyň we gorag enjamlarynyň diagnostikasyny hem-de abatlaýyş işlerini ýerine ýetirýäris. Biziň çözgütlerimiz durnukly ösüş ýörelgelerine we daşky gurşawa ýetirýän täsiri azaltmak uguryna gönükdirilendir.

Icon

Import-Eksport

Biz nebit-gaz hem-de energetika pudaklary üçin enjamlar, himiki reaktiwler we beýleki materiallaryň üpjünçiligine ýöriteleşendirilen kompaniýadyrys. Hyzmatdaşlarymyza bäsdeşlige ukyply şertleri we çalt logistika çözgütlerini hödürleýäris.Şeýle hem, getirilýän harytlar üçin gümrük resmileşdirmesi, sertifikatlaşdyrma we tehniki goldaw hyzmatlaryny üpjün edip, olaryň halkara standartlaryna we müşderileriň talaplaryna doly laýyk gelmegini kepillendirýäris.

Hyzmatlar

Klapanlary, zadwižkalary we tehnologiki ulgamlardaky howa bilen sowadyjy enjamlaryň düýpli abatlamak, sazlamak, işe goýbermek
Basyş astynda işleýän peçleriň we bug gazanlaryň işleýşini abatlamak hem-de dikeltmek
Gaz geçirijileriniň gurluşygy
Enjamlary gurnamak, düzmek hem-de sazlamak işleri
Enjamlaryň tehniki ýagdaýyny barlamak we tehniki ýagdaýyna baha bermek, näsazlyklaryň öňüni alyş hem-de abatlaýyş işlerini gurnamak
Paýlaýjy gurluşlarda hem-de ulgamlarda abatlamak we dikeltmek
Taslama işleri üçin zerur başlangyç maglumatlary taýýarlamak
120 kW çenli elektrotehniki işlerde taslama resminamalaryny taýýarlamak, gurluşyk-gurnma, sazlamak-işe goýbermek
Elektrotehniki enjamlarda we ulgamlarda gurluşyk-gurnama işleri tamamlanan döwründen soňra zerur tehniki resminamalary taýýarlamak
Tok geçiriji şinoprowodlaryň tehniki hyzmaty

Gallereýa

ZG, OH we DGG Barada Syyasaty

Icon

Integrirlenen menejment ulgamy syýasaty

Ýükle

Ygtyýarnamalar we sertifikatlar

Icon

Howpsuzlyk sertifikaty

Ýükle

Icon

ISO sertifikaty

Ýükle

Icon

Ygtyýarnamalar

Ýükle

Prezentasiýa

Icon

Tanyşdyryş prezentasiýasy

Ýükle

Hyzmatdaşlarymyz

Logo
Logo
Logo
Logo
Logo
Logo
Logo
Logo
Logo
Logo
Logo
Logo
Logo
Logo
Logo

Biz barada

Salgy

Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Bagtyýarlyk etraby,
Seýitnazar Seýdi köçesi, 70/2

E-poçta

info@gh-tm.com

Telefon belgisi

+993 65 718191

+993 12 415518